Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz toplumyna ýolbaşçylary belledi
11:07 07.04.2022 14119
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hakynda karara gol çekdi. Şol sanda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow B.Amanowy Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutany degişli Permana gol çekip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy çykarmak boýunça kabul edilen meýilnamanyň doly ýerine ýetirmelidigini, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini tebigy gazyň zerur mukdary bilen ilkinji nobatda üpjün etmelidigini, ilatly ýerlerde suwuklandyrylan gaz ýangyjynyň bökdençsizligini üpjün etmelidigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmagy, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmagy, şeýle hem gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäreleri görmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, B.Amanowa işde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutany G.Agajanowy «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, döwlet konserniniň ýolbaşçysyna nebit çykarmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze nebit guýularyny işe girizmek, ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak babatda kabul edilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek meselesini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Prezident gaýtadan işleýän kärhanalary çig nebit bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu işlerde konserniň başlygyna üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutany M.Rozyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, döwlet korporasiýasynyň täze bellenen ýolbaşçysynyň ünsüni öňde duran işiň esasy ugurlaryna çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazyň ýeterlik gorlarynyň bardygyny nazara alyp, gözleg-barlag hem-de buraw işlerini, esasan, nebitiň gorlaryny artdyrmaga gönükdirmek zerurdyr.
Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerine baý meýdançalarda seýsmiki-gözleg işlerini netijeli dowam etdirmegi, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmagy hem-de özleşdirmegi, ýerasty suwlaryň hem-de gaty magdanlaryň gorlaryny artdyrmagy we bu ugurda bar bolan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütlerini tapmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyryp, M.Rozyýewe öňde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryna ýolbaşçylary belländigi we olara gymmatly maslahatlary berendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, pudagyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak ugrunda degişli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň jemleri jemlenildi
22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Seýdiniň NGIZ ýylyň birinji ýarymynda nebitiň gaýtadan işlenilmegini 22% artdyrdy
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleri 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende uly önümçilik üstünliklerine ýetdiler. Hususan-da, kärhanada 270 müň tonna nebit gaýtadan işlenip, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlaryna garanyňda, 22% ýokary boldy diýip, ussatnews.com saýty habar berýär.