Teklibiň peselmek howatyrlanmasynyň netijesinde Brent-iň bahasy 107,93 dollara ýetdi

09:25 22.04.2022 1251

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4445/original-16260fac975e6d.jpeg

ABŞ-da gorlaryň düýpli azalmagynda dünýä bazarynda teklibiň peselmek howatyrlanmasy zerarly nebitiň bahalary penşenbe güni ýokarlanýar.

Syýasy dawalar zerarly Liwiýada önümçilik pese düşdi, şol bir wagtda Ýewropada rus energiýa serişdeleriniň importyny çäklendirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylmagyny dowam edýär. Şeýlelikde, GFR-niň DIM-niň ýolbaşçysy Annalena Berbok 20-nji aprelde Germaniýanyň ýylyň ahyryna çenli rus nebitini import etmekden doly el çekjekdigini beýan etdi.

Interfaksyň habar bermegine görä, Brent söwda belgili nebitiň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda 1,06% gymmatlap, 107,93 dollara ýetdi. Öňküsi gün ol 106,8 dollardan satylýardy.

WTI-niň bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (NYMEX) 0,97% gymmatlap, 103,18 dollara bardy. Öňküsi gün ol 102,19 dollardan satylýardy.

ABŞ-da nebitiň harytlyk ätiýaçlyklary geçen hepdede 8,02 mln barrel azalyp — 413,73 mln barrele ýetdi. Muňa ABŞ-nyň energetika ministrliginiň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bloomberg agentligi tarapyndan sorag edilen bilermenleriň bellemegine görä, gorlaryň ortaça 3 mln barrel artmagyna garaşylýardy.

Nymex-de satylýan nebitiň saklanýan Kuşing (Oklahoma) terminalynyň ätiýaçlyk gorlary 185 müň barrel azalyp, 26,2 mln barrele ýetdi diýip, Energetika ministrligi habar berýär. ABŞ-da nebit önümçiligi günde 100 müň barrel artyp, 11,9 mln b/s-e ýetdi.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.