Türkmenistanda polipropilen skoçlarynyň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy

10:06 30.04.2022 12155

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4494/original-1626b8ee4b386b.jpeg

«Berk önüm» hususy kärhanasy «BANT» haryt nyşanly gatlakly skoçlaryň görnüşlerini artdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat merkezi habar berýär.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşen bu kärhana şu ýylyň başynda polipropilen skoçlarynyň täze görnüşleriniň önümçiligine başlady. Täze önüm ölçegleri bilen tapawutlanýar. Gatlakly skoçlary öndürmek üçin zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.

Täze enjamyň işe girizilmegi kompaniýa her aýda 41 600 sany polipropilen ýelimlerini öndürmäge mümkinçilik berer. «BANT» haryt nyşanly skoçlaryň ini 12 mm-den 1 m-e çenli, uzynlygy 10 m-den 1000 m-e çenli ýetýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýän kompaniýanyň önümleri ýakyndaky daşary ýurtlaryň birnçesine eksport edilýär. Geljekde kärhana polipropilen süýüminiň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Başga makalalar
167a1b434f0c53.jpg
Türkmenistan YHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça başlangyçlaryny beýan etdi

3-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


162e25f8f00fef.jpeg
Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler

Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.


162e22fee3ae96.jpeg
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy

Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.


162e39d5a1ef18.jpeg
Türkmenistanyň we HHR-niň diplomatlary ulag, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


167a1c63973789.jpg
Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.