«BAGTYÝARLYK» — DOSTLUGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ MESGENI
11:33 26.08.2020 10935
Merkezi Aziýa — Hytaý gazgeçirijisiniň ulanmaga berlen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazyň 316 milliard kubmetri akdyryldy. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bu barada habar bermek bilen, transmilli ulgamyň eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýändigini, 500 milliondan gowrak adama peýda getirýändigini belleýärler.
Türkmenistanyň ýataklaryndan gözbaş alýan hem-de Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden üstaşyr geçýän gazgeçirijiniň gurulmagy durnukly ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni «mawy ýangyjy» transmilli ulgam arkaly esasy iberiji bolup durýar. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň ýataklary ekologiýa taýdan arassa çig malyň ikinji iri çeşmesi bolup, olary Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» Gaz kompaniýasy Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işläp taýýarlaýar.
2007-nji ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisiniň birinji simwoliki bölegini kebşirlemek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem CNPC-niň ýolbaşçylaryna «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde degişli işleri geçirmäge hukuk berýän resminamalary gowşurdy.
Geçen 13 ýylyň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleriniň tagallalary bilen Amyderýanyň sag kenarynda tebigy gazyň we gaz kondensatynyň uly gorlaryna eýe bolan ýataklaryň 20-den gowragy ýüze çykaryldy. Bu ýerde kuwwatly gaz çykaryjy, gazy gaýtadan işleýän we gaz geçiriji düzüm döredildi.
Bu işlere geologiýa we geofizika gözlegleri, buraw we inžener-gurluşyk babatda baý tejribesi bolan kompaniýalar çekildi. Olaryň hatarynda «Sinopec Shengli Petroleum Engineering», «CNPC Chuanqing Drilling» we beýlekiler bar.
Bu nebitgazly ýeriň ýataklarynyň örän çylşyrymly geologiýa şertleri bilentapawutlanýandygyny bellemek gerek. Öňdebaryjy tehnologiýalar we ylmy-tehnikiinnowasiýalar olary üstünlikli özleşdirmegiň möhüm şertine öwrüldi. Hususan-da, 3D usulybilen seýsmiki barlag işleri geçirildi, ol 10 müň inedördül kilometr meýdany, ýagnyşertnamaly meýdanyň 75 göterimini gurşap aldy. Guýular eňňit-ugurly we keseligineburawlanýar, ol çig malyň çykarylyşyny 2-3 esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.
2014-nji ýylda Amyderýanyň sag kenarynda iri ýataklary ýüze çykarmak we işläptaýýarlamak üçin ulanylýan esasy tehnologiýalar ylmy-tehniki ösüş babatda HHR-niň Millibaýragyna mynasyp boldy. «Bagtyýarlyk» ilkinji daşary ýurt taslamasy bolup, bu ýerdePetroChina «sanly gaz ýatagynyň» platformasy guruldy, ol häzir ulanyş guýularynyň 125-den gowragyny öz içine alýar.
«Bagtyýarlyk» çäginiň gündogar bölegindäki ýataklaryň işlenip ulanmaga berilmegiekologiýa taýdan arassa ýangyjyň Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisi boýunça ygtybarlyakdyrylmagyny, ozaly bilen gyş möwsüminde akdyrylmagyny üpjün etmegiň ýolundamöhüm ädim boldy. Birinji tapgyrynda ulanyş guýularynyň 12-siniň, gazy toplaýjy we deslapdan taýýarlaýjy desgalaryň, turbageçirijileriň we beýleki desgalaryň gurulmagy gözöňünde tutulan bu taslama 2018-nji ýylyň awgustynda badalga berildi. 2019-njy ýylyňýanwarynda bolsa eýýäm harytlyk gazyň ilkinji tapgyry alyndy.
Geçen ýylyň güýzünde Gündogar Hojagurlyk ýatagynda ýerleşen EHojg101D guýusyny burawlamak işleri tamamlandy, bu künjegiň daglyk ýerleri buraw we gurluşykişlerini çylşyrymlaşdyrýar. Hususan-da, şol guýy baýyrlykda ýerleşýär, oňa çekilengazgeçiriji bolsa, kert daşlyk eňňitli ýerden geçýär. Şonuň bilen birlikde, onuň synagýagdaýda ulanmaga berilmegi gündogar bölekde tebigy gazyň çykarylmagyny bir gije-gündizde 6,2 milliondan 7 million kubmetre çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Umuman, soňky 10 ýylyň dowamynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde gazyňçykarylyşy bir ýylda 4 milliarddan 14 milliard kubmetre çenli artdy. 2020-nji ýylyň başyndahytaýly hyzmatdaşlaryň goýan maýalarynyň umumy möçberi 8,2 milliard dollara deň bolip, gazyň çykarylyşy 100 milliard kubmetre barabar boldy.
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň geljekki iş meýilnamasynda «B» toplumyň gündogar böleginde ýerleşen Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat, şeýlehem günbatarda, Özbegistan bilen serhediň golaýynda ýerleşen Kiştuwan we GünbatarKiştuwan, Gadyn we demirgazyk Gadyn, Iljik we Gündogar Iljik gazly ýataklarda täzeguýulary hem-de ýerüsti desgalary gurmak işleri bar. Şeýle hem Girsan we Telekguýyýataklarynda birnäçe gazkompressor desgalaryny gurmak, gaz toplaýjy beketleriň durkunytäzelemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, 2023-nji ýylyň oktýabryna çenli täze gazguýularynyň 30-a golaýyny burawlamak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Penşenbe güni, 1-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Türkmenistanda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek hakynda karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy
Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Eýrana saparynyň jemleýji gününde Gurbanguly Berdimuhamedow Mapna Group senagat toplumyna baryp gördi
Çarşenbe güni, 31-nji maýda iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi diýip, TDH habar berýär.