Birža söwdalary: dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz we polietilen eksporta iberildi
15:44 19.09.2022 5619
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň 850 dollaryna barabar boldy. Söwdalaryň barşynda jemi 52 sany geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Polşadan, Owganystandan, Türkiýeden, BAE-den, Gyrgyz Respublikasyndan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, arassalanan dizel ýangyjyny we polietilen önümlerini satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler umumy bahasy 30 mln 215 müň manatlyk ýod erginini we nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýerli telekçiler içerki bazar üçin umumy bahasy 75 mln manatlyk binýatlyk ýag (TNGIZT), ýokary dykyzlykdaky polietilen («Türkmenhimiýa» DK), tehniki kükürt («Türkmengaz» DK) we el halylaryny satyn aldylar.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2023-nji ýylyň dokuz aýynyň işiniň jemleri jemlenildi
5-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen we binýatlyk ýag ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana işe girizildi
8-nji sentýabrda Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana açyldy. Açylyş dabarasyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.