Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlary ýurt Garaşsyzlygyna bagyşlanan sergide hödürlendi

14:53 21.09.2022 440

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5571/original-1632aba8345d67.jpeg

20-21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine nebitgaz senagatynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.

Serginiň ýöriteleşdirilen pawilýonlarynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary hödürlenildi: energetika we senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, dokma senagaty we halyçylyk, gurluşyk we gurluşyk harytlary, ulag we kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk snegaty, saglygy goraýyş we derman senagaty we beýlekiler.

Serginiň bölümleriniň mazmuny hem-de işewürlik maksatnamasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda halkara maýa goýum we milli taslamalaryň ösüş depginlerini, olaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerini aýdyň görkezýär. Şol taslamalar ähli ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet konsernleri, banklar, Döwlet haryt-çig mal biržasy we beýleki käbir kärhanalar tarapyndan görkezildi.

Nebitgaz toplumynyň edaralarynyň giň gerimli sergi bölümlerinde uglewodorod serişdelerini gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman enjamlarynyň şekil taslamalary, kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça taslamalaýyn işläp taýýarlamalar, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alnan önümleriniň nusgalary görkezilýär.

Wideoşekilli kartada ýurdumyzyň “mawy akymlarynyň” eksport ugurlaryny, şeýle-de kartada geljekki turbageçirijileri, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň şekil taslamasyny görmek bolýar. Şu ýylyň iýun aýynda Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna toý saparynyň barşynda Farap etrabynyň çäklerinde gurlan “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda geologik gözlegleriň kartalary şekillendirilýär. Şunda nebitiň we gazyň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň özleşdirilýän, gazylyp alynýan känleri görkezilipdir.

Ösdürilmegi möhüm hasaplanýan himiýa pudagynyň diwarlyklarynda halk hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin mineral dökünleriň, nebit önümlerinden dürli önümleriň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň ýeten sepgitleri görkezildi.

Şeýle-de sergide gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň — Gün panelleriniň we ýel generatorlarynyň önümçiligi babatda işläp taýýarlamalar görkezildi.

Şu gezekki serginiň esasy mazmuny milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden we eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Bularyň ählisini milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny kämilleşdirmek boýunça möçberi taýdan deňsiz-taýsyz işinde beýan edýän köp sanly diwarlyklar aýdyň görkezýär.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.