“Türkmennebit” Döwlet konserni gaýtadan Halkara açyk tenderi yglan edýär: 11.11.2022 - 23.12.2022

14:29 15.11.2022 2106

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça gaýtadan №-62 belgili Halkara açyk tenderi yglan edýär:

Lot  – «TNGIZT-de atmosfera howasyna zaýalaýjy zyňyndylara gözegçilik etmegiň Awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek boýunça işleri taslamalaşdyrmak we ýerine ýetirmek boýunça tender tekliplerini işläp taýýarlamak»

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden göçürme" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

-lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir lot üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 45 (kyrk bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgileri:

40-39-93 +993243 96-2-33, 6-04-98

Faks:

40-39-27,40-39-90

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm 

Başga makalalar