Prezident Türkmenistan — Owganystan – Pakistan energiýa geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmekligi çaltlandyrmagy tabşyrdy
10:31 10.07.2020 4620
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda duşenbe günni geçiren iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy.Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşiň durnukly ýokary depginini saklaýandygyny we diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksport edilýän mukdaryny yzygiderli artdyrýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynda gurlan täze gaz turbinaly elektrik beketleri bilen ýetirildi. Häzirki döwürde bu işler netijeli dowam edýär.Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň döwletara energiýa magistralynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.Türkmen Lideri Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermegiň geljekki ugurlary barada aýdyp, türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan taslamanyň goňşy ýurtda degişli düzümiň kemala getirilmegini, täze iş orunlarynyň döredilmegini, iň esasy bolsa, durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna kömek etjekdigini belledi.Häzirki döwürde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen TOPH gaz geçirijisi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir.
“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
Türkme istanda «Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4412 — 4136 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
ÝB-niň energetika ministrleri gazyň iň ýokary çäk bahasy babatda umumy pikire gelip bilmediler
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň energetika ministrleri anna güni düşünişmezligi aradan aýryp, sowuk möwsümiň ýakynlaşyp gelmegi bilen energiýa geçirijileriniň bahalarynyň artmagy netijesinde rus gazy meselesi boýunça umumy pikire gelip bilmediler. Birnäçe ýurtlar bu babatda garaýyşlaryny üýtgetmekden ýüz öwürdiler diýip, Interfaks habar berýär.
Eni 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny 105 dollara çenli ýokarlandyrdy
Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
TDHÇMB-niň birža söwdalary: TNGIZT-niň önümleri eksporta we içerki bazara ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.