Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparynyň barşynda resminalar bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilýär
15:28 05.01.2023 9212
Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taraplaryň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi.
Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek bilen, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler diýip, Prezident aýtdy.
Ýokary, hökümetara we pudagara derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, onuň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam edýändigi bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigine, onuň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.