CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 17.01.2023 – 30.01.2023

19:15 18.01.2023 1833

      CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gatlaklary kislotaly gidro usulda bölmek hyzmatyny bermek boýunça №CIT-22076-SR belgili tender yglan edýär.

Tender üç guýuda gatlaklary kislotaly gidro usulda bölmek hyzmatlaryndan ybarat. 

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

1.                     Tendere gatnaşmak üçin arza;

2.                  Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy maglumat bermeli;

3.                  Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;

4.                  Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;

5.                  Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

 Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 14 (on dört) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.  

            Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

            Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar boýunça Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Başga makalalar