«Mawy ýangyç» Daşoguzyň uzakdaky obalaryna ýetirilýär
10:49 10.07.2020 4869
«Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň «S.Türkmenbaşyetrapgaz» hojalyk edarasynyň gazçylary diňe bir şäherleriň we şäher görnüşli şäherçeleriň däl, eýsem, ilkinji nobatda Daşoguz welaýatynyň günbataryndaky uzakda ýerleşen obalary hem «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrýarlar. Häzirki wagtda tebigy gaz turba geçirijiler arkaly 21 müň 560-dan gowrak öý hojalyklaryna we edaralara berilýär.Gazçylaryň zähmeti netijesinde «mawy ýangyç» welaýatyň iň çetki nokatlaryndaky ilatly ýerlere hem ýetirilýär. Netijede, «Anna oý» we N.Gylyjow geňeşlikleriniň obalarynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň ilatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-abatlaýyş müdirliginiň işgärleri şu ýylyň geçen bäş aýynda diametri 159 mm bolan orta basyşly we birnäçe müň metr uzynlykdaky gaz geçirijisiniň eltiji torlaryny oturtmak işini ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda «mawy ýangyç» 21 müň 280 sany ýaşaýyş jaýlaryna iberilýär. Şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň 208 sany öý hojalyklary suwuklandyrylan gazdan peýdalanýarlar.Şu ýylyň bäş aýynda Ýeňiş obasynda uzynlygy 1000 metr bolan 159 mm diametrli orta basyşly gaz geçirijisi dolulygyna abatlanyldy. Netijede onuň öndürijiligi ep-esli ýokarlandy.Häzirki wagtda gazçylar tarapyndan etrabyň çäginde uzynlygy 2434 kilometr bolan dürli diametrli gaz geçirijilerine, şeýle hem 670-den gowrak gazsazlaýjy we gazpaýlaýjy desgalara ýokary hilli hyzmat edilýär. Işleri ýerine ýetirmekde gazçylar ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý edýärler.
“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
Türkme istanda «Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4412 — 4136 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
ÝB-niň energetika ministrleri gazyň iň ýokary çäk bahasy babatda umumy pikire gelip bilmediler
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň energetika ministrleri anna güni düşünişmezligi aradan aýryp, sowuk möwsümiň ýakynlaşyp gelmegi bilen energiýa geçirijileriniň bahalarynyň artmagy netijesinde rus gazy meselesi boýunça umumy pikire gelip bilmediler. Birnäçe ýurtlar bu babatda garaýyşlaryny üýtgetmekden ýüz öwürdiler diýip, Interfaks habar berýär.
Eni 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny 105 dollara çenli ýokarlandyrdy
Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
TDHÇMB-niň birža söwdalary: TNGIZT-niň önümleri eksporta we içerki bazara ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.