Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary nazary bilimlerini tejribede berkidýärler
14:35 10.07.2020 11880
Iň täze ylmy işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly önümçilik wezipelerini üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak işi diňe bilim bermekligi ylmy-barlag işi bilen utgaşykly alyp barmak arkaly mümkindir. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň barlaghanalarynda mugallymlar we talyplar tarapyndan yzygiderli geçirilýär.Uniwersitetiň barlaghanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilendir. Bu ýerde talyplar nebitgaz guýularyny burawlamagyň tehnologiýasy bilen tanyşýarlar, guýulary işläp taýýarlamagyň ähli tapgyrlary barada düşünje alýarlar. Talyplar öndürijilikli plastlary ýüze çykarmagyň tehnologiýasy, guýulary gyýtak-ugrukdyrylan burawlamak, buraw ergini bilen guýulary arassalamak, guýulary berkitmegiň we sementlemegiň tehnologiýasy ýaly dersler boýunça nazary bilimlerini iş ýüzünde berkidýärler.Nebit we gaz guýularyny burawlamak fakultetiniň talyplary şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynda göçme amaly sapaklary hem geçdiler. Bu institutyň barlaghanalary we taslama ussahanalary döwrebap tehnikalar we enjamlaryň ähli görnüşi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýokary tehnologiki enjamlaryň ulanylmagy ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmäge, olaryň mowzuklaryny açmaga we amaly endikleri artdyrmaga mümkinçilik berýär.Şeýlelikde, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň ylmy-barlag işlerine gatnaşmagy olara geljekde diňe bir amaly endiklerini berkitmäge, hünär bilimlerini artdyrmaga däl, eýsem, hünär başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmäge hem ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, geljekde hünär işinde üstünlik gazanmaklaryna mümkinçilik berer.
Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilýär
Şu gün Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana iki günlük sapary başlanýar
2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.
Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň özara hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy
11-13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahatynda hazar boýunça gün tertibiniň esasy meseleleri, hususan-da, ylalaşygyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.