«Abraýly dostlar» ýerli çig maldan polipropilen sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy

16:33 02.02.2023 4451

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/6749/original-163db53cf70579.jpeg

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Abraýly dostlar» kärhanasy polipropilenden multifilament teksturirlenen ýüplük, tow berilen we tehniki ýüpleri öndürip başlady. Bu barada «Biznes Türkmenistan» internet neşiri habar berýär.

«Polyyarn» haryt nyşany bilen öndürilýän täze, teksturirlenen ýüplük hojalyk mebel önümçiliginde giňden ulanylýar.

Ýüplükler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan öndürilýär.

«Abraýly dostlar» kärhanasy Italiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 2400 tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.

Bu kärhanada öndürilýän önümler häzirki wagtda Italiýa, Özbegistana, Türkiýä, Belarus Respublikalaryna, Niderlandlar Patyşalygyna, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Wenesuela eksport edilýär. Häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksport etmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

Başga makalalar
164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164fb179206a39.jpg
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.


164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.