“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 07.03.2023 - 06.04.2023

16:51 10.03.2023 4746

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza №175 20.02.2023- “HP Designjet T730 36in” kysymly plotter, printer üçin şpindel (ýokary tizlikli elektrik hereketlendiriji), syýa kartrijleri, çap kellejigi çalyşmak üçin şaýlar toplumy satyn almak (7 pozisiýa).

Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda:

1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) aşakda görkezilen salga  ibermeli;

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 61 765 488; +993 61 882 295.

Elektron salgysy: sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar