Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-maý aýlary boýunça jemleri jemlenildi
14:44 10.07.2020 4035
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy.Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwürde ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň bäş aýynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Wise-premýer nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 108,3 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, benzin önümçiliginiň meýilnamasynyň 109,2 göterim, dizel ýangyjynyň önümçiliginiň meýilnamasynyň 103,6 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ösüşi 118 göterime deň boldy, maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 121,5 göterim berjaý edildi.Prezident hasabaty diňläp, toplumyň kärhanalarynyň durnukly işini üpjün etmek, şolaryň serişdeler binýadyny hem-de eksport kuwwatyny netijeli peýdalanmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutany meýilleşdirilýän iri taslamalaryň gurluşygyny diňe maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna amala aşyrmalydygyna, munuň üçin çykdajylary öndüriljek önümler bilen hasaplaşmalydygyna ünsi çekdi.Prezident häzirki döwürde halkara bazarlarynda nebitiň we nebit önümleriniň bahasynyň has pese düşendigini belläp, bu önümleri daşarky bazarlarda ýerlemegiň strategiýasyny kesgitlemegi tabşyrdy.
“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
Türkme istanda «Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4412 — 4136 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
ÝB-niň energetika ministrleri gazyň iň ýokary çäk bahasy babatda umumy pikire gelip bilmediler
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň energetika ministrleri anna güni düşünişmezligi aradan aýryp, sowuk möwsümiň ýakynlaşyp gelmegi bilen energiýa geçirijileriniň bahalarynyň artmagy netijesinde rus gazy meselesi boýunça umumy pikire gelip bilmediler. Birnäçe ýurtlar bu babatda garaýyşlaryny üýtgetmekden ýüz öwürdiler diýip, Interfaks habar berýär.
Eni 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny 105 dollara çenli ýokarlandyrdy
Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
TDHÇMB-niň birža söwdalary: TNGIZT-niň önümleri eksporta we içerki bazara ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.