"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy tender yglan edýär: 29.03.2023 - 11.04.2023
00:09 30.03.2023 2792
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy howply galyndylary ýok etmek (utilizirlemek) hyzmatlaryny bermek boýunça tender yglan edýär:
No | Tender No | ady | elektron salgysy |
---|---|---|---|
1 | PCT/TKA/2022/014 | "PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy üçin howply galyndylary ýok etmek (utilizirlemek) hyzmatlaryny bermek | tender_secretarytkm4@petronas.com.my |
Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlap, aşakda görkezilen salgy boýunça tabşyrmaly:
- tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
- arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
-Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 ýa-da tender–secretarytkm4@petronas.com.my electron salgy boýunça kabul edilýär.