“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 04.04.2023 - 04.05.2023

22:11 05.04.2023 2072

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy ýaşaýyş toplumlarynyň üznüksiz tehniki we arassa suw üpjünçiligi üçin enjamlary satyn almak boýunça aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasyny geçirýär:

Arza №178 17.03.2023- Üznüksiz tehniki we arassa suw üpjünçiligi üçin enjamlar (20 pozisiýa).

Marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 61 76-54-88, +993 61 88-22-95.

Elektron salgylary: sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar