Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi
09:54 15.05.2023 8245
Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
Şenbe güni sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, A.Begliýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Aşyrguly Begliýew öň, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinde işläpdi. Soň ol nebitgaz meseleleri boýunça wise-premýer bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz Aşgabatdaky halkara forumda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz we Türkiýäniň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini bellediler
19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri bellenilip geçildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazpromyň» ýolbaşçysy bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara resmi saparynyň guramaçylygyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
“Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna gutlagynda aýdylýar.