"Eni Turkmenistan Limited" kompaniýasy tender yglan edýär: 05.06.2023-16.06.2023

14:46 05.06.2023 4463

"Eni Turkmenistan Limited" kompaniýasy Wyşka (Uzboý) geňeşliginde ýerleşýän Nebiti toplumlaýyn taýýarlaýyş we akdyryş sehinde nebit taýýarlamak üçin 2 ýyl üçin üç sany turba görnüşli peç, olaryň atiýaçlyk şaýlary we ätiyaçlyk egrem-bugram turbajyklary (zmeýewikleri) satyn almak boýunça №10112400 belgili tender yglan edýär. 

Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölümine ibermelidir (elektron salgylary: Aleksey.Butenko@eni.com we Viktoriya.Nurberdiyeva@eni.com).

Bäsleşigiň möhleti - 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyna ýerli wagt bilen sagat 17:00-a çenli.

Başga makalalar