Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
12:44 11.07.2023 8108
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýol nebit bitumyny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi we matany, jins önümlerini, pagta süýümini, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 300 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 6 million 300 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär
«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi. ICE Futures biržasynda TTF üçin golaýdaky fýuçersiň bahasy penşenbe güni irden müň kub metri üçin 2311 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde söwdalaşyklar 2200 dollardan başlandy diýip, Interfaks habar berýär.
Dragon Oil: Türkmenistanda üstünlikli hyzmatdaşlyga 25 ýyl
25 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda “Dragon Oil” kompaniýasy (BAE) Türkmenistanda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin 10 milliard dollara golaý maýa goýdy we 447 million barrel uglewodorod çykardy. Bu barada kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwan "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetine beren interwýusynda habar berdi.
Brend nebiti 99,11 dollara çenli arzanlady
Deslapky günüň söwdalaşyklarynda ynamly ösüşden soň, anna güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary aşaklaýar diýip, Interfaks habar berýär.
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.