“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 21.07.2023 - 31.07.2023

09:17 24.07.2023 3509

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky lot boýunça tender yglan edýär: 

Lot №1 –Gündogar Çeleken meýdançasynyň guýularynda ornaşdyrmak üçin filtrli (süzgüçli) we ýerüsti enjamly 7 (ýedi) sany elektrik sorujy gurluş (УЭЦН)  toplumy. 

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden 10 (on) senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18:00 çenli): 

  • ABŞ-nyň 250 (iki ýüz elli) dollary möçberinde tender tölegini tölemeli. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda GBüS töleginden boşadylýar. 

Tender tölegini tölemek üçin rekwizitler: kompaniýanyň şahamçasy MITRO INTERNATIONAL LIMITED TURKMENISTAN walýuta hasaby 232 030 002 201 849 001 69000 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY salgyt kody 302 341 000 023

kor hasaby 211 018 401 101 001 0000 3000 MFO 390 101 201

SWIFT: SBFETM 22. Bank çykdajylary – dalaşgariň öz hasabyna.

  • Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň ýazmaça arzasyny (erkin görnüşde) tabşyrmaly;
  • Bäsleşigiň şertlerini we lotuň spesifikasiýasyny almaly. Bäsleşigiň şertlerini almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň tender töleginiň tölelenendigini tassyklaýan resminamany, ýazmaça arzasyny (kärhana barada gysgaça maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) tabşyrmaly.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Alyşir Nowaýy köçesi, 100, (Altyn Zaman binasy). “Hazar” konsorsiumynyň edarasy salgy boýunça amala aşyrylýar.

«Mitro International Limited» kompaniýasynyň wekilhanasy. 

tel.: 99 3 12 44 33 00 faks: +99 3 12 44 33 01 

e-mail: a.ishankuliyeva_asb.mitro@mail.ru, sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com 

Başga makalalar