CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 08.12.2023 – 21.12.2023

09:14 20.12.2023 2518

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň “A” blogunyň Gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky (ГПЗ-1) kükürdi granulirleýji desganyň funksiýasyny dikeltmek boýunça gaýtadan №CIT-23041-SR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • Soňky üç ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat we soňky 3 ýylyň sertifikatlaşdyrylan maliýe hasabatlary;
  • Demir turbageçirijileri gurnamak bilen baglanyşykly gurluşyk işleri üçin degişli rugsatnama (bu taslamada ulanyljak turbageçirijiler - ýanyjy, partlaýjy suwuklyklary geçiriji turbalar, basyş P≥4,0 МПа);
  • Tendere gatnaşyjynyň işgär toparynda elektrik we gözegçilik ölçeg enjamlaryny işe giriziş işgärleri, kebşirleýiş, rentgenografiki we ultrases işleri boýunça işgärleri bolmalydyr;
  • Esasy ulanyljak gurluşyk enjamlar tendere gatnaşyjynyň özüniňki bolmaly we şolaryň arasynda aşakdaky enjamlar bolmaly: kebşirleýiş enjamlar, göteriji enjamlar, elektrik enjamlaryny sazlaýjylar we ş.m.
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnandygy  barada şahadatnamanyň göçürmesi;

Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: 

  Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Başga makalalar