“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy halkara tender yglan edýär: 11.12.2023 - 15.01.2024

10:56 13.12.2023 2690

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Akpatlawuk ýatagyndaky No.1 gözleg guýusynda buraw işlerini dowam etdirmek, geologiki kesimini öwrenmek, guýyny berkitmek we özleşdirmek üçin onuň barlagyny geçirmek boýunça №03/23 belgili halkara tenderiň möhletini uzaldýar (tender bölünmeýän).

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşik boýunça geologo-tehniki ýumuş we bäsleşigiň esasy şertleri bilen tanyşmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen ABŞ-nyň 1500 (bir müň bäş ýüz) dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. 

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-nyň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Ähli zerur maglumatlary we lotlaryň häsiýetnamasyny ýükläp almak üçin internet saýtlary: http://www.tmgeology.gov.tm/  we/ýa-da  http://www.oilgas.gov.tm/ 

Bäsleşik teklipleri Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 salgy boýunça “Türkmengeologiýa” DK edarasyna tabşyrylmaly. 

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 15-nji dekabryndan 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna ýerli wagt bilen 12:00 çenli kabul edilýär.

Elektron salgylary: tdk@tmgeology.gov.tm

marketing@tmgeology.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-34-52, 40-34-54, 40-34-13, 40-34-79.

Faks: 40-34-53.

Başga makalalar