“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 05.02.2024 - 06.03.2024
10:28 06.02.2024 2429
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy
aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:
Arza №226 26.01.2024 – Gatlak suwlaryny toplaýjy ammaryň taslamasyny düzmek we dolulygyna gurmak.
Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
1.Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.
Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak aşakda görkezilen salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 61882295; +993 61765488;
+993 22248102; +993 22248103
Elektron salgylary:
sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com