Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mart aýynda Türkmenistana geler
16:14 08.02.2024 3930
Mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler diýip, Russiýa Federasiýasyndaky türkmen wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ispan wekiliýetiniň saparynyň taýýarlyk meseleleri Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýewiň Ispaniýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) ilçisi Markos Gomes Martines bilen duşuşygynyň barşynda maslahatlaşyldy.
Wekiliýetiň düzümine öňdebaryjy ispan kompaniýalaryny we guramalarynyň wekilleri girer. Olar türkmen kärdeşleri bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar.
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, maýa goýum işjeňligi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek ýaly ulgamlar bilelikdäki işi ýola goýmak nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýär.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Duşenbede ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda ikitarapalýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti: «Merkezi Aziýa + Russiýa» hyzmatdaşlyk formatynda ykdysadyýet ileri tutulýan ugur bolup durýar
«Merkezi Aziýa + Russiýa» altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu pikiri Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitiniň barşynda belledi.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny we beýleki meseleleri maslahatlaşdy
Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Pakistanyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.