Türkmenistan bütindünýä energetika howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Bileleşigiň döredilmegini teklip edýär
15:06 15.02.2024 4118
Türkmenistan gyzyklanýan ýurtlaryň hökümetlerine bütindünýä energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Bileleşik döretmegi teklip etdi. Bu barada Dubaýda bolup geçen Bütindünýä hökümet sammitinde Türkmenistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri R.Meredow yglan etdi.
Ýurduň daşary işler ministri geçiş ykdysadyýetli ýurtlar babatynda durnukly ösüş üçin energetika durnuklylygynyň ileri tutulýan möhüm meseledigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, şunuň bilen baglanyşyklylykda ýakyn geljekde dünýä derejesinde aşakdaky meseleleri çözmäge gönükdirilen tagallalary jemlemelidir:
– birinjiden, hökümetleriň, energiýa şereketleriniň we maliýe guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze halkara ýerligini döretmeli;
– ikinjiden, energiýa töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalşyny üpjün etmeli;
– üçünjiden, energiýa üpjünçiligindäki bütindünýä we sebitleýin bökdençlikleri çözmek üçin täsirli gurallary işläp düzmeli;
– dördünjiden, halkara ähmiýetli strategik energiýa infrastrukturasy taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlaryny höweslendirmeli;
– bäşinjiden, aç-açan we bäsdeşlige ukyply energiýa bazarlarynyň döredilmegine ýardam etmeli.
«Şu maksatlara ýetmek we wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistan gyzyklanýan ýurtlaryň hökümetlerine bütindünýä energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş ugurlary boýunça bileleşik döretmegi teklip edýär» diýip, Daşary işler ministrliginiň başlygy aýtdy.
Şeýle hem R.Meredow şunuň ýaly bileleşigiň çäginde hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgesiniň hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, dowamly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek üçin maksatlaryň bölünmezliginiň we özara baglanyşyklylygynyň bolmalydygyny belledi.
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri
Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Monakonyň Şazadasy köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi. Onda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparynyň agzalaryny Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan baýragy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan altyn baýragy bilen gutlady.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň başyndan bäri pudaklaryň işiniň netijeleri jemlenildi
12-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berdi.
OPEC gaznasy Türkmenistana 45 million dollar karz bermekligi tassyklady
OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Şolardan 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesi Türkmenistana bölünip berler. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.