Ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylar

04:29 26.02.2024 7324

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10023/original-165dc13a05c09f.jpg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Başga makalalar
161b99cf32f319.jpeg
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


16688f5cc6f2af.jpg
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Düýn günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Bu ýerde resmi wekiliýetler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş sekretary bilen söhbetdeşligi boldy. Bu barada TDH habar berýär.


16864f036552e3.jpg
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.


163620caa39d90.jpeg
Türkmenistan Hazaryň üsti bilen Ýewropa gaz geçiriji gurmak meýillerini dowam edýär

«Hazarüsti gaz geçirijisi gün tertibinden aýrylanok». Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Şahym Abdrahmanow Abu-Dabide ADIPEC maslahatynda belläp geçdi diýip, Interfaks habar berýär.


164df200a3db6f.jpg
Türkmenbaşynyň deňiz portunyň polipropilen terminaly milli önümleriň eksportyny artdyrýar

Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz senagatynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen eksport edilýär.