Güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi

11:09 10.11.2020 1721

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1043/original-15faa2eb21d6e1.jpeg

Geçen şenbede Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi. Ahal welaýatynda guramaçylykly geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly XXV ýyllygy mynasybetli dürli dabaralaryň dowam edýän günlerinde Diýarymyzda bag ekmek möwsüminiň badalga almagy baýramçylyk toý şatlygynyň täsirini artdyrdy we oňa täze öwüşgin çaýdy.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy gurşawyň arassalygyny, amatlylygyny üpjün etmek, abadançylygyny, sagdynlygyny pugtalandyrmak maksady bilen badalga berlen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň, önümçilikleriniň işgärleri agzybirlik bilen gatnaşyp, önjeýli goşant goşdy. Olar säher bilen baýramçylyk ruhuna beslenip Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky özlerine berkidilen tokaý zolaklarynda güýzki bag ekmek möwsümine gatnaşyp müňlerçe düýp saýaly, gyrymsy, miweli nahallary ekdiler we tokaýa öwrülip barýan giň meýdanlardaky öň ekilen baglaryň düýbüni ýumşadyp, hapa-haşal otlardan arassalap, olary suwaryp idegini ýetirdiler. Nebitgaz toplumyndan bag ekmek dabarasyna 19 müň 300-den gowrak adam gatnaşyp, 120 müň düýp bag nahallary oturdyldy we öň bar bolanlarynyň 135 müň düýbüne ideg edildi.

Bu wajyp dabara nebitgaz toplumynyň Aşgabat şäherindäki edara-kärhanalarynyň işgärleri hem bir adam ýaly bolup, agzybirlik bilen gatnaşdy. Olar «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň Tokaý hojalygynyň tokaý meýdançalarynda degişli işleri geçirip, toplumyň Ahal welaýatynyň çäklerindäki tokaý zolaklarynda ekiş we ideg işlerini alyp bardylar.

Biz bag ekmek dabarasynda guramaçy tarapdan «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol şeýle gürrüň berdi:

— Şu ýylyň altyn güýzündäki bag ekmek möwsüminiň geriminiň has giňdigini belläsim gelýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly XXV ýyllyk şöhratly senesi mynasybetli Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzda jemi 25 million düýp bag nahallary ekiler. Munuň özi geçen ýyllaryňkydan örän köpdür. Şanly senäni gözellik bilen dabaralandyrmagyň aňyrsynda uly many bar. Baky Bitaraplygyň abadançylygyň açary bolşy ýaly, tebigatyň baglar bilen baýlaşdyrylmagy hem abadan we gözel durmuşy üpjün edýär. Bag ekmek işlerine döwlet derejesinde ähmiýet berip, ynsan saglygy we rahatlygy ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň başynyň mydama dik bolmagyny arzuw edýäris.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.