“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 11.04.2024 - 11.05.2024

11:18 11.04.2024 1655

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy meýdançanyň ýaşaýyş toplumyna hyzmat etmek üçin zerur bolan materiallary we enjamlary satyn almak üçin aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasyny geçirýär:

№ 251 15.03.2024 – Radar datçigi, yşyklandyryjylar, LED zolaklary, elektrik kabeli (6 pozisiýa).

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1.Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak aşakda görkezilen salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 22293047; +993 222933045; +993 22223726.

Elektron salgylary:

sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar