«Türkmengaz» döwlet konserni bäsleşik yglan edýär: 01.10.2021-12.11.2021

22:11 07.10.2021 5019

«Türkmengaz» döwlet konserni material-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça

№ T/GAZ-027 belgili açyk Bäsleşik yglan edýär

Lot №2 – zawod enjamlary;

Lot №5 –himiýa önümleri;

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, «Türkmengaz» DK, 13-nji gat salgysy bilen ýüz tutup:

·        bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

·        "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

·        Lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Gerekli bolan ähli maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ internet salgysyndan ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Elektron salgymyz: turkmengaz@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40- 37-45 (faks), 40-37-39,40-37-40, 40-37-41, 40-37-42

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär.

Görkezilen seneden giç gelen teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bäsleşik bukjasynda hökmany suratda anketanyň elektron nusgasy, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” formatda) we tehniki-ykdysady ýöriteleşmeleri (“Excel” formatda) bolmalydyr.

Elektron salgymyz: turkmengaz@online.tm

«Türkmengaz» DK-nyň internet salgysy: http://www.oilgas.gov.tm/

Goşmaça maglumat almak üçin şu ýere basyň

Başga makalalar