CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 11.04.2024 – 24.04.2024

19:56 13.04.2024 2176

 CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda 2024-2027-nji ýyllar üçin ýollary gurmak boýunça №CIT-23127-SR belgili tender yglan edýär.

Bu bäsleşik aşakdaky 3 lotdan ybaratdyr:

Lot №1 - “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň B blogunyň günbatar bölegindäki Gadyn kiçi etrapçasynda asfalt beton düşelen awtoulag ýolunyň gurluşygy;

Lot №2 - “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň B blogunyň gündogar bölegindäki Hojagurluk kiçi etrapçasynyň daglyk ýerlerinde EHojg-103D guýusyna çenli ýoluň gurluşygy;

Lot №3 - 2025 - 2027-nji ýyllar üçin bellenen nyrh boýunça "Bagtyýarlyk" şertnamalaýyn meýdançasynda ýollaryň gurluşygy.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:  

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada gysgaça maglumat;
  • Soňky 3 ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat we soňky 3 ýylyň sertifikatlaşdyrylan maliýe hasabatlary;
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.

Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: 

  Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993-12-44 50 44

Başga makalalar