CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 08.07.2024 – 14.07.2024

10:24 10.07.2024 1186

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy «Flender PF100D» kysymly reduktorlary (üç sany) fransuz ussahanasynda düýpli abatlamak boýunça № CIT- 24034-SR belgili tender yglan edýär. 

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • Soňky 3 ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat we soňky 3 ýylyň sertifikatlaşdyrylan maliýe hasabatlary;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnandygy  barada şahadatnamanyň göçürmesi;

Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: 

  Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993-12-44 50 44

Başga makalalar