Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär — Serdar Berdimuhamedow
11:23 04.05.2021 9868
Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde döwletara birleşikleri bilen ýakyn özara gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada wise-premýer, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine saparynyň çäklerinde belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty belleýär.
Mejlisiň barşynda wise-premýer Türkmenistanyň Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşýandygyny bellemek bilen, munuň uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, onuň geljegine we giň mümkinçiliklerine doly düşünmek arkaly onuň has-da ösdürilmegine özara gyzyklanmalaryň bardygyny görkezýän ähmiýetli waka bolup durýandygyny nygtady.
Ol şeýle hem, bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň ýewraziýa giňişligindäki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýaly hökümetara birleşikleri bilen ysnyşykly özara hereket etmek ýörelgesine doly laýyk gelýändigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, saparyň barşynda şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy M.Mişustin hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda Türkmenistanyň hem-de RF-niň arasynda ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şol sanda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen taryhy özarabähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlydygy hem nygtaldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary nebitgaz toplumynyň önümlerini aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.