Şöhratly şäher

18:43 07.05.2021 1847

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2259/original-160ae50d0613eb.jpeg

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri öz ajaýyp görküni has-da gözelleşdirýär.

Ýurduň ösüşi, onuň ykdysady kuwwaty paýtagt şäheriň keşbinde janlanýar. Aşgabadyň köşkler toplumyny, başy Asmana direýän beýik-beýik ymaratlaryny, giň köçelerini, şaýollaryny, seýilgählerini göreniňde, göwnüň göterilip, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyň has-da artýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby ak mermere beslenen paýtagtymyzyň waspyny dünýä ýetirdi. Täze kitap Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsow çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabadyň tarypyny özünde jemleýän iň gymmatly çeşmeleriň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerýär, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrülýär. Merjen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, ajaýyplygy haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny okanyňda muňa has-da göz ýetirmek bolýar.

Dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen türkmen paýtagtynda alnyp barylýan köptaraplaýyn işler dünýä nusgalyk bolup rowaçlanýar. Elbetde, ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi, üstünliklere, halkara derejesindäki ykrarnama eýe bolýan özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýagty, nurana geljege gönükdirilen parasatly syýasatynyň netijesidir.

Ak arzuwlara beslenen ak şäherimiz Aşgabat ýurdumyzyň  rowaçlyklara beslenýän nyşanyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň günbe-günden gülläp ösmegi, täze döwrebap binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi we olaryň döwrebap tehnologiýalar, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Hakykatdan-da, gözel paýtagtymyz ýurdumyzyň medeniýet-sungat, ylym-bilim, saglyk, sport merkezi bolup, ýaşaýjylar üçin amatly, owadan, gözel, iň döwrebap şäherleriň biridir.

Goý, ak şäherimizi, mähriban halkymyzy ak ertirlere, ýagty geljege alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, her bir tutumly işi rowaç bolsun!

Bahar ŞAMÄMMEDOWA,
S.A.NYÝAZOW adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Başga makalalar
1685955c6b608d.jpg
Halypa hormaty

Ýurdumyzda gaz senagatynyň peýda bolmagyna we bu pudagyň ösüşlere beslenmegine ildeşlerimiziň müňlerçesi gatnaşdy we möhüm işe saldamly goşandyny goşdy. Olar hakynda gürrüň gozgalanda, Murat Hojaniýazowyň ady hem ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda abraý bilen zähmet çekip, täze pudagyň ösüşlere beslenmeginde önjeýli işleri bitirdi.


1643e45a28bc32.jpeg
Gaz akdyryjylaryň gaýratly zähmeti

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iň iri hem öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçy hünärmenleridir işçileri ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilatynyň, şeýle hem olaryň çäklerindäki edara-kärhanalaryň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi üçin ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly «mawy ýangyjyň» hemişe üznüksiz akdyrylmagyny üpjün edýärler.


168504ebc21785.jpg
Işleri ileri gazçylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Saparmyrat Türkmenbaşyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde şu ýylyň bäş aýynyň iş meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.


16859559011e6a.jpg
«Gara altyn» kadaly akdyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler has-da gaýratly zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklarynyň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny täze üstünliklere beslemegi başarýarlar.


16435092ccb20d.jpeg
Döwrebap zähmet çekilýär

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi konserniň önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýär.