Dokuz aýyň jemlerine garaldy
13:06 11.10.2021 7798
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Onda 8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, toplumyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatyndan doly peýdalanmak, nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek babatda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň ýollary barada durup geçdiler.
Ýygnagyň barşynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak, çig maly gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmak babatda hem öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyna, her bir zähmet köpçüliginiň has-da tijenip işlemelidigine ünsi çekmek bilen, ýygnananlara hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler
Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy
Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.
Türkmenistan YHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça başlangyçlaryny beýan etdi
3-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE we içerki bazara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.