OPEC+ döwletleriniň ministrleri nebit bazaryna goşmaça goşmagyň zerurlygy baradaky meseläni çözerler
09:24 05.11.2021 13586
OPEC+ döwletleriniň ministrleri bazary goşmaça nebit bilen üpjün etmek gerekmi ýa-da kabul edilen ylalaşygyň çäklerinde hereket etmelimi diýen meseläni çözmek üçin nobatdaky aýlyk duşuşygyny geçirerler diýip, Interfaks habar berýär.
Ilki, ministrler gözegçilik geňeşiniň duşuşygy geçiriler. Bu geňeşde Russiýa we Saud Arabystany başlyklyk edýär. Soňra olar öz ahyrky tekliplerini OPEC+ döwletleriniň ähli ministrleriniň garamagyna bererler.
Nebite islegiň dikelmeginiň netijesinde iýul aýynda OPEC+ ýurtlary nebit önümçiligini tizleşdirilen ýagdaýda artdyrmak hakynda çözgüt kabul etdiler — günde 400 müň barrele çenli. COVID-19 pandemiýasynyň dowam etmeginiň çäklerinde nebite bolan islegiň gowşak bolup biljekdigi barada howatyrlanmasyny aýdan Saud Arabystanynyň energetika ministri Abdulaziz ben Salman ähli ýurtlaryň teklibi artdyryp bilmejekdigini belledi. Eýýäm awgustda ylalaşyk 119%, sentýabrda bolsa 115% artygy bilen ýerine ýetirildi.
Nebite bolan isleg durnukly ýagdaýda ýokarlanýar we 80 dollardan geçýär. Bu bolsa ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyna, inflasiýa getirýär we sarp edijileriň belleýşi ýaly, ykdysadyýeti dikeltmäge päsgel berýär.
Muňa garamazdan, OPEC+ ýurtlary häzirlikçe bu ýüz tutmalary ünssüz galdyrdylar. Geçenki ýygnakda artdyrmaklygy günde 400 müň barral däl-de, 800 müň barrel artdyrmak hakynda gürrüň gitdi, emma çözgüt kabul edilmedi. Öndürijiler, hususan-da, Saud Arabystany bazara nebitiň uzak geljekde hem gerekligini barlamak isleýärlär. Çünki olar önümçiligi birden artdyryp, soňam «krandy bekedip» maýalaryny toprakda galdyryp bilmezler.
Şol bir wagtda bazara gatnaşyjylar we köp sanly bilermenler nebit önümçiligine maýa goýumlaryň ýetmezçiligi barada gürrüň edýärler, öndürijiler bolsa nebitden başga energiýanyň beýleki dikeldilýän çeşmelerine seredip görmek barada aýdýarlar.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň jemleri jemlenildi
22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.
2021-nji ýylda açylan nebitgaz ýataklarynyň möçberi 75 ýylda iň az sanlysy boldy — Rystad
2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda nebit-gaz ýataklarynyň açylyşlarynyň geçen 75 ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetmegine garaşylýar. Bu barada energiýa pudagy boýunça seljerme geçirýän “Rystad Energy” kompaniýasy tarapyndan toplanan maglumatlara salgylanyp, Interfaks habar berdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
2021-nji ýylda «Gazprom» türkmen gazynyň satyn alnyşyny iki esse artdyrar — RF-niň Türkmenistandaky ilçisi
2021-nji ýylda «Gazprom» tarapyndan Türkmenistandan satyn alynýan gazyň möçberi iki esse artyp, takmynan, 10 mlrd kub metre barar. Bu barada anna güni RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýyllyk jemlerine bagyşlanyp, ilçihanada geçirilen metbugat-maslahatynda beýan etdi.