Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda çykyş etdi
09:24 22.11.2021 6181
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Seulda (Koreýa Respublikasy) garyşyk görnüşde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
Ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.
Türkmen Lideriniň wideoýüzlenmesini «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti neşir edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Ýewraziýada ösüş ýagdaýlaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary hem-de başlangyçlary goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Ýewraziýa kontinentinde durnukly ösüşiň maksatnamalaryny we strategiýalaryny emele getirmekde we amala aşyrmakda köp meňzeşligi görýäris. Munuň özi Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasaty» bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategik ugry boýunça başlangyçlarynyň düýp mazmunyndan ybaratdyr.
«Bu iki maksatnama hem üpjünçilik ulgamlaryny, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, energetika, ulag, ekologik howpsuzlyk, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ýaly ugurlarda toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar» - diýip türkmen Lideri belledi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan we Koreýa Respublikasynyň ýakyn wagtda bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga girişip biljekdiklerine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem öz çykyşynda koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan hem-de ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris diýip belledi.
«Häzirki döwrüň hakykaty pandemiýa garşy bilelikde göreşmek hem-de onuň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan ýaramaz durmuş-ykdysady, ynsanperwer netijeleri azaltmak wezipesini öňe çykarýar. Gynansak-da, ählumumy howpuň öňünde duran dünýä bileleşiginiň bu wehime öz wagtynda netijeli göreşip bilmändigini bellemek gerek» diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
«Biz dünýäniň ähli döwletleriniň aň-bilim, maddy, maliýe we beýleki serişdelerini birleşdirmegiň bu çökgünlik ýagdaýyny üstünlikli ýeňip geçmegiň ýeke-täk usulydygyna ynanýarys. Koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan hem-de ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris» diýip türkmen Lideri belledi.
Ýewraziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça köptaraplaýyn meýdança hökmünde çykyş etmek bilen, bu Forum her ýyl tanymal döwlet adamlaryny, işewürlik-toparlarynyň wekillerini, dünýä belli bilermenleri, şeýle-de halkara we sebitleýin guramalarynyň agzalaryny özünde jemleýär. Şu ýyl Forum «Demirgazyk hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we gülläp ösüşiň geljegi» şygary bilen ýaýbaňlandyryldy.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.