Gurluşyk işleri giň gerim alýar
10:20 25.11.2021 8394
Dürli kysymly tehnikalaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýan şertlerinde olary ýangyçdyr çalgy ýaglary bilen bökdençsiz üpjün etmek möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Ýurdumyzda bu meseläni üstünlikli çözmek maksady bilen köptaraply işler alnyp barylýar. Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde ýerlerdäki nebit önümleri kärhanalarynyň durky täzelenilýär, şeýle-de täze ýangyç guýýan beketler gurulýar.
Bu wajyp işe «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary işjeň gatnaşýarlar. Olar häzirki günlerde Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň Zerger şahamçasynda giň gerimli gurluşyk-gurnama we durkuny täzeleýiş işlerini alyp barýarlar.
— Kärhanamyzyň Zerger şahamçasynda şu döwre çenli degişli işleriň uly toplumy ýerine ýetirildi. Gurluşykçylar dik çanlary gurnamak, olara geçirijileri çekmek we beýleki işleri üstünlikli berjaý edýärler. Işleriň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmegi bolsa esasy talap bolup durýar — diýip, kärhananyň gurluşyk boýunça hünärmeni Batyr Joraýew gürrüň berýär.
Gurluşykçylaryň çekýän gaýratly zähmetiniň netijesinde şu döwre çenli umumy sygymy 10 müň kubmetre barabar bolan dik çanlaryň 6-synyň gurluşyk işleri tamamlandy. Bulardan başga-da, awtoulaglara niýetlenilen garažyň, ýangyna garşy göreş bölüminiň, ammaryň binalary güýçli depginde gurulýar. Ýakyn geljekde hersiniň sygymy 100 kubmetre barabar bolan dik çanlaryň ýene-de 8-sini gurmak meýilleşdirilýär. Gurluşykçylar zerur işleri gysga wagtda üstünlikli tamamlamak üçin ýokary guramaçylyk we tutanýerlilik görkezýärler.
Her bir işi talabalaýyk, gowy hil derejesinde ýerine ýetirmek hünärmenlerden ýokary başarnygy, ussatlygy talap edýär. Gurluşyk guramasynda şeýle hil sypatlaryny özünde jemleýän işgärler az däl. Olaryň bir toparyna Şöhrat Handurdyýew başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Tejribeli ussa jogapkärli işlerde elektrik bilen kebşirleýjiler Ruslan Ereşowyň, Seýran Babakulyýewiň, kerpiç örüji Agamyrat Kurbanowyň, suwagçy Agamyrat Hüwjerowyň, sürüji Muzaffar Nurullaýewiň has yhlaslylyk görkezýändiklerini aýratyn belledi.
Ýeri gelende bu gurluşyk guramasynyň işgärleriniň Köýtendag nebit önümleri kärhanasynda hem durkuny täzelemek we giňeltmek işlerine girişendiklerini, Kerki etrabynyň çäginde bolsa awtoulaglara ýangyç guýýan bekedi gurýandyklaryny bellemek gerek. Gurluşykçylaryň ilimize-ýurdumyza gerekli desgalary gurup, olaryň ösüşlere hyzmat etmegini gazanmak ugrundaky agzybirlikli işleri gün-günden ilerleýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
“Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.