Türkmenistan — Özbegistana awtobenzin ibermekde ilkinji üçlükde
09:43 29.11.2021 6520
Türkmenistan Özbegistana awtomobil ýangyjyny ibermekde ilkinji üçlüge girdi. Ýanwar-oktýabr aýlarynda türkmen ýangyjynyň Özbegistana eksporty 136 million litre barabar boldy diýip, Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär.
Awtomobil ýangyjyny Özbegistana ibermekde öňdeligi Russiýa eýeleýär. Ol 2021-nji ýylyň 10 aýynda 142,3 million litr benzin eksport etdi. Üçünji ýerde 16 million litr eksport eden Gazagystan ýerleşýär.
Özbegistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda ýanwar-oktýabr aýlarynda 902,7 müň tonna benzin öndürildi. Onuň aglabasy AI-80 kysymly awtomobil benzinleridir. Ýurt 2022-nji ýylda onuň önümçiligini doly bes etmegi we ýokary oktan sanly benzini öndürip başlamagy meýilleşdirýär.
Umuman, şu ýylyň 10 aýynda Özbegistan benziniň importyny 40%-den gowrak artdyrdy.
Türkmenistanda awtomobil ýangyjynyň dürli görnüşleriniň önümçiligi Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan zawodlar toplumynda, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ahal welaýatyndaky zawodynda amala aşyrylýar. Galyberse-de, tebigy gazdan işlenip alynýan ECO-93 hem goňşy Özbegistana eksport edilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.