Gurbanguly Berdimuhamedow: YHG-nyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär

10:11 30.11.2021 6568

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3445/original-161a47a0c18415.jpeg

YHG-nyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär. Bu barada Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji sammitinde eden çykyşynda belledi.

Türkmen Lideri şeýle hem häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň global ykdysady ösüşiň kesgitleýji dessurlary hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda alnyp barylýan bilelikdäki tagalalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini beýan etdi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirjisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy bilen bagly mysallary getirdi.

Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Hususan-da, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman hem-de Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgeleriniň döredilmegi barada gürrüň edilýär.

Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa- Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlaryna çykmak arkaly, Hazar deňzi we Gara deňzi sebitleriniň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini has hem işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň öz içinde hem durmuş-ykdysady we logistiki ähmiýetli desgalaryň ulanylmagy bilen bagly meseleleriň öwrenilmegini teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu hereketleriň amala aşyrylmagyna Owganystanyň gatnaşmagynyň hem wajypdygyny belledi. Şeýlelikde, bu ýurt ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gymmatly gatnaşyjy düzümine öwrülýändir.

Türkmenistanyň Baştutany: “Biz bu ugurda Owganystan üçin strategiki mükinçilikleriň bardygyny, onuň sebit we global ähmiýetli hereketlerdäki ornuny, owgan topragynda parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň gazanylmagynyň möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny görýäris” diýip nygtady.

Başga makalalar
16503fe9eeb09b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


16503fe4c18d7c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


165030df9b734b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.