Russiýa bilen Türkmenistanyň Owganystan babatda çemeleşmeleri ýakyn — RF-niň ilçisi

10:32 02.12.2021 7419

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3459/original-161a753add5ff3.jpeg

Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň jemleri boýunça penşenbe güni guralan brifingde eden çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin Owganystandaky ýagdaýa çemeleşmekde Moskwa bilen Aşgabadyň çemeleşmeleriniň ýakynlygyny belledi.

«Owganystandaky ýagdaýa baha bermekde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan aýdylan çemeleşmelere ýakynlygymyzy bellemek isleýärin. Bu döwletiň ykdysadyýetini dikeltmekde, gaýragoýulmasyz ynsanperwerlik kömegini ibermekde goldaw bermegiň zerurdygy bilen ylalaşýarys» - diýip Blohin belledi.

Ilçiniň şeýle hem bellemegine görä: «Russiýa ABŞ-nyň hem-de olaryň hyzmatdaşlarynyň jogapkärçilik çekip, bu işe maliýe goldawyny goşjakdygyna ynanýar».

Ýakynda geçirilen YHG döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gurama agza döwletleri «häzirki ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdy».

Şol bir wagtda türkmen Lideri iri sebit infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmeklige Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümligini belledi. Bu taslamalar — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamlarynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy.

Başga makalalar
16875dca95b3e3.jpg
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýärler

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ösdürilýän akademiki alyş-çalşygyň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary häzirki wagtda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde (HNU) okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.


16874ac038d8c1.jpg
Gahryman Arkadagymyz “Awazada” BMG-niň maslahatyna taýýarlygyň ileri tutulýan wezipelerini kesgitledi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.


16874a4435dd12.jpg
Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.


162318cdf14b01.jpeg
Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Pakistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny tassyklady. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16875dd247d8fc.jpg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.