Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň täze düzümini tassyklady
11:59 28.03.2022 10199
Anna güni geçirilen Minsitrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň täze düzümini tassyklady. Döwlet Baştutany täze saýlanan Prezidentiň wezipesine girişmeginden soň, wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyran Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny wezipesinde dikeltdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Muhammedow bellenildi. Döwlet Baştutany onuň maliýe we ykdysadyýet bilen bagly dürli wezipelerde baý iş tejribesiniň bardygyny belläp, onuň bu wezipäni oňarjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze orunbasarlaryna işinde üstünlikleri arzuw edip, degişli Permana gol çekdi.
Öz nobatynda, wezipä täze bellenen wise-premýerler bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi gözegçilik edýän ulgamlarynyň mundan beýläk-de üstünlikli işlemegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, täze Hökümeti bir aýyň dowamynda düzmek baradaky kanuna laýyklykda, gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek üçin mynasyp adamlary bir hepdäniň dowamynda hödürlemegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.