Birža söwdalarynda polipropilen, ECO-93 awtobenzini we nebitgaz toplumynyň beýleki önümleri satyldy
14:59 25.04.2022 5368
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, buýan köküni, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 37 million 509 müň manatdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen motor ýagyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny satyn aldylar.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.