Nebitiň bahalary gymmatlamagyny dowam edýär, Brent-iň bahasy 111,3 dollara ýetdi

20:16 07.05.2022 697

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4536/original-16274b97138863.jpeg

Anna güni nebitiň bahalary teklibiň ýetmezçiliginiň howatyrlanmasynyň netijesinde ýokarlanmagyny dowam edýär.

Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, OPEC+ ýurtlary iýun aýynda nebitiň çykarylyşynyň çäklerini günde 432 müň barrele çenli artdyrmak meýilnamasyny saklap galmak boýunça ses berdiler. Emma 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri, çäkleriň meýilnamalaýyn artdyrylmagyna garamazdan, OPEC+ ýurtlary nebiti çykarmagyň rugsat berlen derejesine ýetip bilmeýär. Mart aýynyň netijeleri boýunça olar önümçilik boýunça 1,45 mln b/g yza galýarlar.

Brent nebitiniň iýul aýyndaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE birasynda anna güni 0,36% gymmatlap, barreli 111,3 dollara ýetdi. Öňküsi gün olaryň bahasy 110,9 dollara barabardy.

WTI nebitiniň bahasy Nýu-Ýorkuň elektron söwdalar biržasynda 0,31% gymmatlap, barreli 108,6 dollara deň boldy. Öňküsi gün olaryň bahasy 108,26 dollara ýetipdi.

Şol bir wagtda Ýewropa ýurtlary Russiýadan nebitiň importyny çäklendirmäge taýýarlyk görýärler. Şu hepdede Ýewrokomissiýa çäklendirmeleriniň altynjy bukjasynyň çäklerinde rus nebitiniň ÝB ýurtlaryna iberilmegine garaganlyk girizmegi teklip etdi.

«Bazarda RF-den nebit ibermeleriniň mümkin bolan gadaganlygyny öz içine alýan bahany çykarmady. ÝB-niň bu çäklendirmeler bukjasy biýunça ses berişlik indi bolmaly» - diýip,  City Index-iň analitigi Fiona Çinkottanyň sözlerini Bloomberg getirýär. — Bu ýagdaý nebitiň bahalarynyň peseldilmegi üçin islendik synanyşyklar saklar».

ABŞ-nyň häkimiýetleri strategiki ätiýaçlyklaryny doldurmak üçin bazardan nebit satyn alyp başlamak meýillerini yglan etdi. Garaşylyşy ýaly, ABŞ-nyň Energetika ministrligi satyjylardan arzalary eýýäm şu güýzde kabul edip başlar.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.