OPEC+ 2022-nji ýylda bazarda nebitiň artykmaçlyk çaklamasyny aşaklatdy — HBS
18:03 01.09.2022 4876
OPEC+ tehniki monitoring komiteti şu ýylyň netijeleri boýunça bazarda teklibiň artykmaçlyk çaklamasyny öňki 900 müňden günde 400 müň barrele çenli aşaklatdy diýip, Reýter agentligi guramadaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
«Nebit bazaryna 2022-nji ýylda günde 0,4 mln barrel möçberde kän bolmadyk artykmaçlyk garaşýar, bu gurama girýän döwletler tarapyndan önümçiligiň dolmazlygy zerarly öňki çaklamadan has azdyr» - diýip, habarda aýdylýar.Öň çarşenbe güni agentlik tehniki komitetiň maglumatlaryna salgylanyp, ýylyň jemleri boýunça bazarda teklibiň artykmaçylygynyň geçenki çaklamadaky ýaly 100 müň däl-de günde 900 müň barrel boljakdygyny habar berdi.OPEC+ 2020-nji ýylyň maýynda kowide garşy ählitaraplaýyn göreş bilen bagly nebit önümçiligini islegiň peselmegi zerarly günde 9,7 mln barrele çenli çäklendirdi. Soňra ylalaşygyň şertleri birnäçe gezek düzedildi. Netijede, awgust aýyndan gurama iki ýyl mundan öň yglan edilen çäklendirmeden çykmagyň ahyrky tapgyryna geçdi, sentýabrda bolsa önümçiligi günde 100 müň barrele çenli artdyrýar.OPEC+ ylalaşygy ýylyň ahyryna çebli dowam edýär. Şol bir wagtda Saud Arabystanynyň energetika minsitri şazada Abdel Aziz ben Salmanyň bellemegine görä, gurama ýakynda 2022-nji ýyldan soňky döwür üçin täze nebit ylalaşygynyň üstünde işläp başlar.OPEC+ minsitrleri nebit bazarynyň ýagdaýyny we ylalaşygyň mundan beýläkki ugurlaryny duşenbe güni, 5-nji sentýabrda maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk maslahatlaşyldy
14-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Eni 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny 105 dollara çenli ýokarlandyrdy
Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan üçin “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi aýratyn ähmiýete eýe
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hünärmenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça taslamany maslahatlaşdylar
12-13-nji sentýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.