Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda taslamalara maýa goýmak üçin bilelikde bank dörederler
17:15 22.11.2022 5305
Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri iki ýurtda hem wekilçiliklerini açmak bilen, bilelikde bank döretmegi meýilleşdirýärler. Şeýle teklip Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynda bellenildi diýip, TDH habar berýär.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, şeýle ýokary bahanyň ýurtda işewürligi ýöretmek üçin ähli şertleriň bardygyna, ozaly bilen, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine hem-de okgunly ykdysady ösüşe esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki banky döretmek we iki ýurtda-da onuň wekilhanalaryny açmak barada teklip beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, munuň üçin Türkmenistan tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belläp, biziň ýurdumyza ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE ilkinji resmi saparynyň, onuň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, geljegi uly ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda, nebiti gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagaty we ulag ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan uzak möhletleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesine daýanmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagy ugur edinýär.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyklar mahalynda gazhimiýa senagatynda, ulag-logistika, maliýe ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara maýa goýum hem-de karz serişdelerini çekmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp, bu gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de taraplar ulag ugry boýunça, hususan-da, deňiz, demir ýol we howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýä deňiz portlary ulgamyna birikdirmek üçin Abu-Dabiniň Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli boljakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini, iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşyk Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabrda BAE resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.