Mitro International we PETRONAS – Dubaýdaky Halkara forumynyň hemaýatkärleriniň hatarynda

17:30 24.03.2023 10426

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7156/original-16423e5184497f.png

26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň öz işine başlamagyna bir aýdan sähel köp wagt galdy. Häzirki wagtda bu möhüm pudaklaýyn foruma taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär.

Çäräniň guramaçylarynyň habar bermegine görä, nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bu foruma hemaýatkär bolmak meýillerini eýýämden tassykladylar. Şeýlelik bilen,  Mitro International kompaniýasy International Roadshow-da altyn hemaýatkär derejesini tassyklady. Petronas kompaniýasy bolsa forumyň bürünç hemaýatkäri bolar.

Mundan başga-da, Upstream, PETRONAS-da halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mark Fitsjerald 4-nji sessiýada doklad bilen çykyş eder. Onuň mowzugy — türkmen energetika toplumynda maýa goýum mümkinçilikleri.

Forumda çykyşlaryny tassyklan beýleki spikerleriň arasynda birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň top menejerleri hem bar. Olaryň hatarynda: Ali Raşid Al Jarwan — Dragon Oil-yň baş direktory; Jasper Peýs – strategiýa we biznes boýunça wise-prezident, ADNOC; Çen Huaýlun – Baş direktor, Türkmenistandaky CNPC International; Waleri Dýukro – Global Gas Center-iň ýerine ýetiriji direktory (GGC); Kler GOdar — Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça analitika boýunça menejer, S&P Global Commodity Insights; Migel Brito – energetika boýunça analitik, S&P Platts we beýlekiler bar.

Başga makalalar
164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164fb179206a39.jpg
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.


164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.