Nebitgaz kompaniýasynyň we pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

19:00 28.03.2023 4267

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7198/original-16422b5e3ce3a8.jpeg

Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň wekilleriniň bu ugurdan ýöriteleşen halkara kompaniýalary we ýokary okuw mekdepleri bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga «Türkmennebit» we «Türkmengaz» DK-niň wekilleri, Türkmenistandaky Milli hytaý nebit-gaz kompaniýasynyň şahamçasynyň işgärleri, Petronas Çarigali Sdn Bhd (Türkmenistan) kompaniýasynyň, Dragon Oil Turkmenistan Ltd.kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şekilli aragatnaşyk arkaly ara alyp maslahatlaşma Leobeniň (Awstriýa) dag-magdan uniwersitetiniň, Turiniň politehniki uniwersitetiniň, Koreýanyň Inha Uniwersitetiniň, Swikau şäheriniň Amaly ylymlarboýunça Günbatar-Sakson uniwersitetiniň (Germaniýa Federatiw Respublikasy), Ploýeştiniň nebit-gaz uniwersitetiniň (Rumyniýa), Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Döwlet tehniki uniwersitetiniň, Russiýanyň I. M. Gubkin adyndaky Döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň, Belarusyň Döwlet tehnologiki uniwersitetiniň  rektorlary, şeýle hem Ýewfrosiniýa Poloskaýa adyndaky Poloskiý döwlet uniwersitetiniň rektory goşuldylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar nebitgaz ugrundan ýokary okuw mekdepleriniň bu ugurdaky kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň uly ähmiýete eýedigini bellediler, bu talyplara hakyky gurşawda amaly başarnyklary we tejribe edinmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem bu pudakdaky iň täze tehnologiýalar we innowasiýalar barada bilmäge mümkinçilik döredýär. Kompaniýalar bolsa täze zehinleri we geljekki hünärmenleri özleriniň iş tejribelerinde ulanyp bilýärler.

Taraplar ozal gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde ýetilen ösüşe garap geçdiler, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläkki ädimleri bellediler.

Başga makalalar
164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164fb179206a39.jpg
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.


164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.