Türkmenistan we Germaniýa oktýabrda bilelikdäki ykdysady forumy geçirmegi meýilleşdirýär
13:59 02.05.2023 9047
Türkmenistanyň wekiliýetiniň 25-28-nji aprelde Germaniýa federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa habar berdi.
R.Meredowyň hasabatynda belleýşi ýaly, saparyň dowamynda bu ýurduň iri ykdysady guramalarynyň biri bolan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Agzalan forumy ýokary derejede taýýarlamak üçin sanly ulgam arkaly üç sany mowzuklaýyn okuw maslahatyny geçirmek boýunça teklipler alşyldy.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Germaniýanyň “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda german tarapynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, tehnologiýalar, innowasiýalar, maýa goýum, sanly tehnologiýalar we “ýaşyl” ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.
Mundan başga-da, Germaniýa iş saparynyň dowamynda suw hojalyk ulgamynda ýöriteleşen “Wilo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onda german tarapynyň Türkmenistan bilen ygtybarly we giň gerimli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy.
Halkara maliýe we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýeti 27-28-nji aprelde Germaniýanyň “Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly häsiýete eýedigini hem-de okgunly ösdürilýändigini nygtady. Syýasy-diplomatik ulgamda barha ösdürilýän oňyn gatnaşyklar, ýylsaýyn pugtalandyrylýan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Bar bolan kuwwatlyklar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, geljegi uly täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki ýagdaýlara laýyklykda, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam berýän ugurdaş döwlet hem-de işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki ykdysady forumyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, türkmen-german hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.