Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15:04 10.07.2020 4179
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, göni arassalanan benzini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli kysymly polietilen Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Owganystandan gelen täjirleriň söwdasynyň esasyny düzdi.Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Türkiýe Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Gyrgyzystan Respublikasyndan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna nah ýüplükden tekiz reňklenen we tüýjümek önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy.Manat serişdelerine BAE-den, Türkiýeden, Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 868 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar.Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 200 müň manatlyk polipropilen satyn aldylar.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda ABŞ-nyň 902 mln dollaryna ýetdi — Şawkat Mirziýoýew
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esse köpeldi. 2021-nji ýylda bu görkeziji ABŞ-nyň 902 mln dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkentde Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça belledi.
Aşgabatda ulag boýunça halkara maslahat 170-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemlär
Geljek duşenbe güni Aşgabatda sebit we sebitara gatnaşyklary berktimäge we ösdürmäge gönükdirilen ulag we üstaşyr geçelgeleri dikeltmeklige bagyşlanan Halkara maslahat geçiriler. “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşjak delegatlaryň 400-den gowragy hasaba alyndy.
Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny, gaz we nebit önümlerini almaga gyzyklanma bildirýär
14-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär. Penşenbe güni iki ýurduň Hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň forumlarynyň, maslahatlarynyň we sergileriniň maksatnamasy neşir edildi
Türkmenistanda her ýyl halkara derejeleri maslahatlar, forumlar we sergiler her ýyl ýokary guramaçylyk esasynda geçirilýär. "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli 2025-nji ýylda hem ýurdumyzda köpsanly forumlar, maslahatlar, sergiler guralar.
Türkmenistan we Saud Arabystany ykdysady gatnaşyklaryny berkidýär
Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda energetika, infrastruktura we maýa goýumlar ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi maslahatlaşyldy.